ikirjiňlemek

ikirjiňlemek
işlik
Ikigöwünlilik etmek, böwrüňi dinläp durmak, aýgyt edip bilmän durmak, ýaýdanjyramak.
∙ Maňa ýaramaýan ýeri seniň şol aýgyt edip bilmezligiň, ikirjiňlemegiň, iki aşdan galmagyň! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
∙ Täçli dilmaç kartasyna gaýta-gaýta seretdi-de, ikirjiňledi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
∙ Begenç ýüzüni aşak salyp, ikirjiňlemek bilen: -Biz niräk barýarys? -- diýip sorady. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
∙ Öwez ilki ikirjiňleýär. («Görogly» eposy)

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Поможем решить контрольную работу

Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»